
Bir döwürler Amerikada ýoluň gyrasynda sosiskaly buterbrod satyp gününi aýlaýan bir adam bar eken. Ol gulagy agyr bolansoň, radio diňlänok eken. Gözleri gowy görmänsoň, gazet-žurnal hem okamaýar eken. Şeýle-de bolsa, onuň eli juda süýji eken. Adamlar onuň taýýarlaýan buterbrodlaryny iýip doýup bilmändirler. Şonuň üçin ol taýýarlaýan tagamlarynyň hemmeler tarapyndan bilinmegini isläp, dürli ýerlere mahabatdyr bildirişler asyp çykypdyr. Garaz, söwdasyny hasam ulaltmagyň yşkyna düşüpdir.
Şeýlelikde, onuň söwdasy şowlap gidiberipdir. Müşderileriň sany artansoň, ol işgärleriniň sanyny köpeldipdir, aşhanasyny öňküden hem giňeldipdir. Üstesine ogluny hem okuwa ugratman, ýanynda işledip başlapdyr. Günlerde bir gün ogly oňa:
– Kaka, gazetlerdäki habarlara görä, Ýewropada we tutuş dünýäde ykdysady durgunlyk möwjeýärmiş. Ykdysady durgunlyk hä diýmän Amerika hem gelip ýetjekmiş – diýýär. Onsoň, kakasy hem oňa:
– Oglum, sen näme-de bolsa, men ýaly elipden şermende däl. Tüweleme, okap ýazyp bilýäň. Elbetde, seniň aýdýanlaryň jany ýok däldir – diýip jogap berýär-de, satýan buterbrodlarynyň sanyny azaltmak bilen bolýar. Ýolda-yzda goýduran bildirişlerini hem aýyrdýar. Şeýdibem, iň soňunda bergä batyp, aşhanasyny ýapmaly bolýar. Ine, şonda ol ogluna ýüzlenip şeýle diýýär:
– Oglum, sen dogry aýdýan ekeniň. Biz, hakykatdan hem, ykdysady taýdan durgunlyk başdan geçirýäris.