
Pili entek çagaka aýaklaryna ýogyn zynjyr aýlap, uly gazyga daňyp goýýarlar. Pil balasy sähel ulalýar welin, aýagyna öňküden inçeräk zynjyr salyp, ony öňküden ejizräk gazyga baglaýarlar. Pil ulalyp, mazaly ese-boýa galandan soň bolsa, ony gazygynda saklamak üçin aýagyndan inçejik ýüp geçirip, ýere kakylan ýukajyk çişe daňyp goýmagyň özi ýeterlik bolýar.