Bagt

Eger şu gün ir bilen gözüňi açanyňda syrkaw halda däl-de, sagdyn bolup oýanan bolsaň, onda sen indiki hepdä çykmajak millionlarça syrkawdan has bagtlysyň.

Eger uruş howpunyň hem-de tussaglyk belasynyň nämedigini bilmeýän bolsaň, agyr gynamalara döz gelmekligiň jebrini çekmedik bolsaň ýa-da açlyk belasyny görmedik bolsaň, onda seniň hal-ýagdaýyň bäş ýüz million adamyňkydan ganymatdyr.

Eger ýanalmakdan, gözüň odunyň alynmagyndan hem-de janyňa kast edilmeginden gorkman ybadatlaryňy berjaý edip bilýän bolsaň, onda sen üç milliard adamdan has bagtlysyň.

Eger iýere nanyň, geýere geýmiň, ýatara öýüň bar bolsa, onda sen Ýer şarynda ýaşaýan ilatyň ýetmiş bäş göteriminden has baýsyň. 

Eger gapjygyň pully ýa-da aňryňda süýşürip-artdyranjaň bar bolsa, onda sen Ýer şarynyň ilatynyň iň saýlama sekiz göterimine dahylsyň.

Eger eneň-ataň aýatda diri hem-de bile ýaşaşyp ýören bolsalar, onda sen eýýäm iň seýrek duş gelýän bagtlylaryň hataryna degişlisiň.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s