Çarlak (3)

Dowamy… Jonatan o sese gulak gabartmazlyga çalyşdy. «Gör, nähili ýakymly gije!» diýip, ünsüni başga ýana sowmaga çytraşdy. Aýyň hem san-sajaksyz ýyldyzlaryň şöhlesi suwuň ýüzünde lowurdap, gijäniň içinde dumly-duşa ýeňiljek ýagty saçýardy. Bar zat asuda hem parahatdy.«Düş aşak! Çarlaklar garaňkyda uçanok. Garaňkyda uçjak bolsaň, baýguşuňky ýaly ýiti gözüň, laçynyňky ýaly kelte ganatyň we ýol görkeziji çyzgylaryň bolmaly!».Gijäniň bir wagty ýüz fut belentlikden uçup barýan Jonatan bu … Continue reading Çarlak (3)