
Mähir şarpygy!
Kakamyz bize käýäp biler, arasynda şarpygam çalyp biler. Ejemizem şeýle. Çünki olaryň haky bar. Üstümizde nijembir haklary bar. Onsoňam bir meselede käýelýärmiň, ýa bolmasa, aýdaly, “şarpyk” iýýärmiň, “kötek” iýýärmiň, durup özüňe garamaly: hökman etmesiz bir iş edensiň, diýlene gulak asan dälsiň, öz eňegiňe tutansyň, başyňy diklänsiň, belkem, aýagyňy gyşyk basansyň… Olaram ene-ata hökmünde, barlygymyza sebäpkärler hökmünde, bu ýalançyda wagtlaýynam bolsa eýämiz hökmünde, bize birgiden haklary … Continue reading Mähir şarpygy!