***

Şeýlemikä munda owaldan gurluş, Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş. “Ynha, tutdum” diýen şatlygyň, bagtyň Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň. Begenersiň, okap dostuň hatlaryn, Emma wagtlaýyn. Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak, Bakydyr öýdersiň, Pursatdyr, pursat. Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin, Monça borsuň, emma bu-da az salym. Saýalaýyn diýseň — Gün geler birden, Güneşläýin diýseň — tüm geler birden. Geler käbir pursatlary saklasyň, Yrýa bolar ähli eden yhlasyň. … Continue reading ***

MAŇA JUDA ÜÝTGEŞIK

Perwana pursatlaň, ýyndam ýyllaryň, Aý-günleriň bir-birine ilteşip, Ömür kerwenimi idip barmasy — Maňa juda üýtgeşik! Agyp-dönüp duran däli göwnümiň Mahal-mahal ähli zatdan çetleşip, Ýersiz-ýere özün ýalňyz duýmasy — Maňa juda üýtgeşik! Ýyndam atlaň beýge bökjek bolanda, Bat almaga biraz yza süýşmesi — Kä yza tesmeleň manysy dälmi, Bu-da juda üýtgeşik! Açylmadyk syr deý nätanyş günler Durlar, honha, bosagamdan jyklaşyp. Olaryň gujagna alňasap barşym — Maňa … Continue reading MAŇA JUDA ÜÝTGEŞIK

SENI GÖRESIM GELÝÄR

Ýazlar joşsa jahanda, Seni göresim gelýär. Gökde şapak batanda, Seni göresim gelýär. Jepa bormy munça-da, Keşbiň gülde-gunçada. Göwnüm sähel ynjasa, Seni göresim gelýär. Çykyp düzgün-kadadan, Gitsedim bu adadan. Öz-özümden ýadasam, Seni göresim gelýär. Ýollar, heý, öwrüm-öwrüm, Çykmyş ýoluňa ömrüm. Ýüregmi göze öwrüp, Seni göresim gelýär. Gijeler daňa gurban, Hoş sözler heňe gurban, Gül ömrüm saňa gurban, Seni göresim gelýär. Kakamyrat Rejepow Continue reading SENI GÖRESIM GELÝÄR