ŞYGYRLAR ÇEMENI…

MUGALLYMYŇ SÖZI Mugallymyň sözi – Watanyň sözi,Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun.Mugallymyň sözi kanun mekdepde,Mugallymyň sözi öýde-de kanun. “Mugallym şeý diýdi!” diýer çagalar,Mugallym diýdimi – kesiler jedel.Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,Çagalar daň bilen mekdebe gider. Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,Çagalar ýene-de mekdepden gaýdar…Onsoň çagalar hem mugallym bolup,Ol söziGeljekkiNesileAýdar. Ýaşar,Işlär ýörer mugallym sözi,Mugallymyň sözi – Watana ömür.Şeýdip mugallymyň aýdan sözüniAsyrdan asyra äkider döwür. KERIM GURBANNEPES Continue reading ŞYGYRLAR ÇEMENI…