Enaniň närazylygy

Bir ýaş ýigit bar ýygnanjasyny toplap, algy-bergisini hasaplaşyp, haja gitmegi ýüregine düwýär. Emma näme üçindir, enesi razy bolmaýar. Hemme ýol şaýyny tutan oglan enesiniň ýalbar-ýakaryna gulak asman, onuň bilen hoşlaşyp, ýola düşýär. Birnäçe günden soň, onuň ýoly uly obanyň üstünden barýar. Namaz wagty bolan soň, göni obanyň mesjidine baran oglan ol ýerde düşläp, namaza durýar. Şol wagt obanyň içinde biriniň öýüne ogry girýär. Onu gören … Continue reading Enaniň närazylygy

“Gyzyl görse Hydyr azar”

Gadym döwürlerde yrsgally-sahawatly, jomart bir baý bolupdyr. Ol ýygnan gyzyl puluny oňat edip bişirilen huma salyp, öýüniň bosagasynda gömüp goýýar eken. Şeýdip, altyn-kümüşiň adama edýän täsirinden aňyrdan gelýäniň häsiýetini seljerer eken. Bir gün baýyň uzak örülerdäki çopanlarynyň azyklary paýawlap, olaryň biri oba gaýdýar. Ýaňky çopan baýyň gapysyndan salam berip girýär. Bosaganyň üstünde ädigini çykaryp duran çopan näme üçin geleninem ýadyndan çykarýar. ”Şunça ýyllap gapysynda gezip … Continue reading “Gyzyl görse Hydyr azar”

Kerbaba ýyly

1916-njy ýyllaryň açlygy halkyň tabyny hasam pese gaçyrypdy. Tejen derýasynyň suwy ýylyň-ýylyna çekilýärdi. Tomus başlamanka derýa peselip, ekinler suwsyz ýanyp, saman bolup gidýärdi. Iki ýana urunýan halk näme etjegini bilmän, iliň öňüne düşüp ýören kethudalara maňlaýyny direýärdi. Gije-gündiz ellerini asmana açyp, Hudaýdan medet diläp oturan dili dogaly, asly halal, aýagyny täretsiz ýere basmaýan Kerbaba aga-da halkyň agysyna bile aglap otyrdy. Ol gapysyna çykalga gözläp gelen … Continue reading Kerbaba ýyly

Nagym

Bu günem daň bilen duşmanyň ýene-de bir hüjümi başlandy. Yzly-yzyna zalp bilen atylýan duşman toplarynyň gümmürdisi, galadaky aýal-ebtatlaryň ahy-nalasy, zenzelesi bilen garyşyp, gulagyňy kamata getirýärdi. Dişine çenli ýaraglanan duşman kem-kemden tekeleriň örüsini daraldýardy. Galanyň düýbüne dykylyp gelen orslar gözleri ýok ýaly ýokary dyrmaşýardylar. Emma üstlerinden guýulýan gaýnag suwa, gyzgyn garaýaga döz gelibilmän yza serpikýärdiler. Uzak günläp dowam eden söweş gijara kiparlady. Duşman garymyna girdi, tekeler … Continue reading Nagym

Sarsmaz iman

Dini we takyk ylymlardan ýüki ýetik alymlaryň biri deňizde gaýykly gezelenç etmegi ýüregine düwýär. Ol ýüzüp barşyna, kiçiräk bir adanyň töweregine barýar. Bu ýeri görmek niýeti bilen kenara çykýar. Görse, yns-jyns ýok. Birsalym aýlanandan soň, goyun sürüsine gabat gelýär. Süriniň çopany kiçiräk bir depäniň üstünde namaz okap otyrdy. Alym onuň ýanyna baryp, ybadatyny tamamlaýança garaşyp oturýar. Çopan soňunda doga edende, arapça bir dogany ýalňyş okaýar. … Continue reading Sarsmaz iman

Direlen towuk

Günlerde bir gün beýik öwliýälerden bolan Hezreti şeýh Abdylkadyr Geýlanynyň (k. s) medresesine bir ýaş ýigit okamaga gelýär. Esli wagt geçenden soň, onuň garryja enesi ogluny görmäge gelýär. Haçan-da, ol talyplaryň bolýan hüjresine girende, oglunyň bir käse suw bilen el ýaly gaty çöregi gemrip oturanyny görýär. Oglunyň halyndan ene närazy bolup, ussadyň ýanyna şikaýat etmäge baranda, ol edil şol wagt gowrulan towugy öňüne alyp oturşy … Continue reading Direlen towuk

“Ýetişeweri Ak işan atam”

Kowgudan gaçyp gelýän Nepes daglygyň içinde azaşyp, ugruny ýitiripdi. Ýaňy atyp barýan daňyň ümüş-tamşynda ýol-ýodasyny saýgarman, şol sürüp gidip otyrdy. Ahyrynda-da, uçut gaýanyň gyrasyna baryp diredi. Ol yzyna seretdi. Kowgyçylar daş-töweregini gabap, yakynlap gelýärdi, öňünde bolsa, düýpsiz bolup görünýän garaňkylyk bardy. Ilki bir ýaýdanyp duran Nepesiň gözüniň öňünde iki ýyllap kürtleriň içinde elleri, aýagy zynjyrly ýesirlikde geçiren günleri janlandy. ”Ýene şol nälet siňenleriň ellerine düşenimden, … Continue reading “Ýetişeweri Ak işan atam”