Alma

Oglanjygyň her elinde bir alma bar eken. Ejesi oňa: «Almalaryň birini maňa beräý!» diýipdir. Oglanjyk muňa mähetdel ilki bilen bir elindäki, soňra bolsa beýleki elindäki almany dişläpdir. Muny görüp, enäniň ýüzi boz-ýaz bolupdyr. Ol oglunyň almany özüne dözmänligini erbet ýokuş görüpdir. Onsoň, oglanjyk dişlän almalarynyň birini ejesine uzadyp: «Eje, al, şu has süýji eken» diýipdir. Şonda ejesi haýran galyp, ogluna näme diýjegini bilmän, ýuwdunyp duruberipdir. … Continue reading Alma