BU ÝERLER

Pasyllaň sazyn bezenip,Çalan ýerleri bu ýerler.Owal başdan Hak nazaryn,Salan ýerleri bu ýerler. Nesibe çekip dyz epen,Atam-babam döwlet tapan,Olaň müň aglap, müň saparGülen ýerleri bu ýerler. Müşgil işleň sebäbiniň,Dertlileriň tebibiniň,Hak Allanyň Habybynyň,Alan ýerleri bu ýerler. Watanym, dünýä gelenim,Gurbany ýagmyr-ýeliniň,Duşmanyň ömür gülüniň,Solan ýerleri bu ýerler. Şükür döwletim ygtybar,Dur indi elde ygtyýar,Dostlaryň baky bagtyýar,Bolan ýerleri bu ýerler. Gül diýarym bagy-Erem,Ölsem ugrunda jan berem,Allahymyň lutf-u-kerem,Kylan ýerleri bu ýerler. Ýigitleri … Continue reading BU ÝERLER

Sticky post

Eziz maňa!

Eý gül watan almalaryň, narlaryň eziz maňa, Meň söýgim müň ömre ýeter, barlaryň eziz maňa. *** Ulus-ile aman-esen ýaz gelende ajaýyp, Sähra üste seýkin basan hüýrleriň eziz maňa. *** “Ber Hak” diýen bir özüne, nalyş edip säherler, “Bir Hak” diýen takwalaryň, pirleriň eziz maňa. *** Haýranda başy ýaýkasam, çykyp belent daglyga, Düşüp bagrymy oýkasam, garlaryň eziz maňa. *** Bu topragy jandan söýen, başyn goýjak üstünde, … Continue reading Eziz maňa!

AÝDYMLARYM SENIŇKI

Ykbalyma galam berdi Ýaradan, Oň jebri-jepasy agdyrdy eňki. Tüm gijeler bagrym ezip döreden, Eziz Watan, Aýdymlarym seniňki. Mukamyňa on iki süňňüm gowşady, Pikir hyýalymam däl indi öňki. Ýaşyl geýen ýazlaryňa bagş eden, Eziz Watan, Aýdymlarym seniňki. Bitarap sen, Berkarar sen, Bagtly sen, Muňa şaýat bu zeminiň dört çüňki. Mähir beren gujagyňda bagtly men, Eziz Watan, Aýdymlarym seniňki. Habar alan halsyzlaryň halyndan, Hem solan güllere bagş … Continue reading AÝDYMLARYM SENIŇKI

SÄHRAM — BU SEN HAKDA

Jöwza ýene dolandy bu öwrüme, Sähra onuň şatlygy hem agysy. Aýagmy bişirdi Günüň howruna, Bagry ýanyp ýatan türkmen çägesi. Ýöräp barýan sähraň belent-pesinden, Soňabaka ädilmeýär aýagym. Ho-olha, bir kiçijik depäň üstünde, Çopan ýigit galdyrypdyr taýagyn. Dym-dyrslyk çar ýana gözüm aýlaýan, Diňe jöwza ýanýar, ahmyry bar deý. Käte çöp-çalamyň başyn aýlaýar, Mesgeni ýok kaňkap ýören tüweleý. “Jemalyň daragty” aglaýar sessiz, Jemaly soradym, elimi serdim. Daragt diýdi: … Continue reading SÄHRAM — BU SEN HAKDA