«Aýagyň taýyp ýykylaýma!»

Ýagyş ýagyp, palçyk bolan ýol bilen bir ýerlere howlukmaç ylgap barýan oglanjygy gören Ymam Agzam hezretleri onuň yzyndan: – Balam, häzir bol, aýagyň taýyp ýykylaýma! – diýip gygyrýar. Oglanjyk sakga durýar we heniz gaty kiçi ýaşda bolmagyna garamazdan, dana pisint görnüşe girip, Ebu Hanife hezretlerine garap şeýle diýýär: – Tagsyr, men ýykylsam, känbir üýtgeşik zat bolmaz. Özüm ýykylyp, özümem galaryn. Emma seniň aýagyň taýsa welin, … Continue reading «Aýagyň taýyp ýykylaýma!»