Ýetilmedik arzuw

Lummurdap akyp duran Gatakaryň boýy bilen uzalyp gidýän arpa meýdanlary öwüsýän şemaluň ugruna ýuwaşja ygşyldaşyp otyrdylar. Saralyp, ýaňy bişip ugran, altynsow reňki gözüňi dokundyrýan ekiniň gyrasyndan ýöräp barýan elleri pilli iki sany ýaş gelin suw açan pelleriniň gädiklerini bekläp ýördüler. Olaryň güne agaryp, solup giden ýamaly egin-başlaryndan, horluklaryndan ýaňa ýaňaklary içine çöküp duran ýüzlerinden,her jaýrygynda ýumurtga guzlaýmaly bolup giden gataňsy ellerinden durmuşyň agyr labyrynyň astynda … Continue reading Ýetilmedik arzuw