Sowallar

Bir gün adamlar pylan ýerde ylym-bilimden ýüki ýetik, parasatly bir alym barmyş diýip eşidipdirler-de, sowal baryny taýýarlap, onuň ýanyna barypdyrlar. Adamlar ýekän-ýekän sorag bermäge, alym hem olara jogabyny ýetirmäge başlapdyr: – Dünýede iň akylly adam kim? – Elmydama ilden öwrenere zat tapýan adam. – Dünýede iň güýçli adam kim? – Gaharyny ýuwutmagy başarýan adam. – Dünýede iň baý adam kim? – Elindäki hazynanyň, ýagny özüne … Continue reading Sowallar