Dürdäneler

“Tohum sepmegi zynhar hasyl döwrüne goýujy bolma; ýogsa iki möwsümde çeken zähmetiňem biderek bolar”. “Müň gezek söz bermek ýerine bir gezek sözüňi ýerine ýetir”. “Tilkilere ketek sakçylygyny ynanyp bolmaz”. “Beren sözüňde durmak adam bolmagyň talaby”. “Sizi götergiläp al-asmana çykarsalaram hergiz unutmaň, ýer has rahatdyr. Uçardan gaçan çym-pytrak bolar, ýerde ýykylana üýtgeşik zat bolmaz”. “Nesihat edýän kişi hemmeden öňürti aýdýan zadyny özi etmelidir, ynandyryjy bolar ýaly”. … Continue reading Dürdäneler

DÜRDÄNE SETIRLER

“Arzuwlardyr ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez”. Wilýam Şekspir *** “Sözleriň asmana galasy gelýär, emma pikirleriň ýerde. Özen bolmadymy, sözler asmana göterilmeýär”. Wilýam Şekspir *** “Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar”. Wilýam Şekspir *** “Erkinlik daşaryda bolsa, sürgünlik siziň ýanyňyzdadyr”. Wilýam Şekspir *** “Alla size bir ýüz beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň”. Wilýam Şekspir *** “Meniň düşünýänim seniň sözleriňdäki gazapdyr, o sözleriň … Continue reading DÜRDÄNE SETIRLER

DÜRDÄNELER

Öýüň aýnadan bolsa, zynhar hiç kimiň aýnasyna daş zyňma. * Asmanda uky bar diýseler, ýaltalar merdiwan gurnap, çykmaga çalşarlar. * Umydyny ýitireniň başga ýitirere zady ýokdur. * Ýalňyşmakdan gorkýan biri hiç bir zat edip bilmez. * Hiç haçan çykyp gaýdan gapyňy bat bilen ýapma, yza dolanmaly bolmagyň ahmal. * Ýagşy-ýaman başgasy üçin edip-eýlän zatlarymyz ertir maňlaýymyzdan çykjak zatlaryň tohumydyr. * Ýamanlygyndan çekinýän adamyňy birem ýagşylygyň … Continue reading DÜRDÄNELER

DÜRDÄNE SETIRLER…

Başgalar üçin özüňizi ýatdan çykaryň, şonda sizi hem ýatlarlar. *** Birini söýmek diýmek, Ony Ýaradanyň göz öňünde tutuşy ýaly görmek diýmekdir. *** Zerre ýalyjak etmişim bolmasa-da, birtopar hyýallaryň içine çümüp, özümden etmiş tapan ýerlerim kän boldy. *** Her betbagtlygyň ardyndan bize ýene durmuş garaşyp ýatyr. Emma ýaşap bilmezlik diýlen zat adama mahsus bir emelsizlik. Ýogsa, meselem aýdaly, balyklaryň içinde özüni asany barmyka, ýa haýsy serçe … Continue reading DÜRDÄNE SETIRLER…