Taňryýalkasynyň “gaby”

Giçden soň toý gidip duran restorandan çykyp, öýüne barýan Döwletiň keýpi kökdi. Ol özündenem beter lümgammar bolup, rul tutmaga ýaramaýan dosty Şatlygyň maşynyny sürüp barýardy. Çyranyň ýagtysyna öňräkde aksakgal ýaşulynyň elini galdyryp duranyny gören Döwlet tizligini haýallatdy. Şatlyk : −Näme, tanşyňmy? –diýip, sorady. −Ýok-laý, ýaşuly adam eken. Ugurdaş bolsa alaýaýyn diýdim. Şatlyk bazzyk-buzzuk etdi: −Puluny almagyn. Bizem sogap gazanyp göreli. Maşyna münen ýaşuly bular bilen … Continue reading Taňryýalkasynyň “gaby”