Derýanyň aňyrky kenary

Şägirtleriň biri ussadynyň wagzyny diňlemäge barýarka, ýolda azaşyp, derýanyň köprüsini tapyp bilmändir. Ol derýanyň kenary bilen köp ýöräpdir.  Ahyrynda-da derýanyň aňry ýüzünde ussadynyň wagyz berip durandygyny görüpdir-de, batly gygyryp: – Ussadym! Derýaň aňry ýüzüne nädip geçmeli? – diýip sorapdyr. Ussady hem oňa derýanyň aňyrsyndan gygyryp jogap beripdir: – Ýigit! Sen şeýle-de derýanyň aňry ýüzünde dursuň ahyry!    Continue reading Derýanyň aňyrky kenary