Horasana edilen hijret

Alp Arslanyň kakasy Çagry beg töweregindäkilere hemişe ätiýaçly bolmagy ýatladýardy. «Duşman dek ýatmaz, hemişe çemini peýläp ýörendir» diýip, her wagt ägä bolunmalydygy hakynda gaýtalap ýörýärdi. Onuň inisi Togrul begem: «Ätiýäçly bolmak iň güýçli ýarag» diýip, häli-şindi nygtaýardy. Çagry beg gijelerine atyna atlanardy-da, birlaý töweregi aýlanyp çykýardy. Maýyl günleri ýanyna Alp Arslany hem alýardy. Soňky günlerde kakasynyň daş-töwerege gözegçilik etmäge ýygy-ýygydan gitmegi Alp Arslanyň ünsüni çekýärdi. … Continue reading Horasana edilen hijret