Kerwensaraý

Günlerde bir gün öz döwründe pähim-parasady bilen tanalýan danalaryň biri soltanyň köşgüne barypdyr. Uly iliň hormatlaýan adamy bolansoň, sakçylar oňa näme üçin geldiň hem diýmän, gapyny açypdyrlar-da, gyra süýşüp duruberipdirler. Dana bolsa, sen-men ýok, göni soltanyň oturýan otagyna giripdir. Soltan gelen myhmany tanap, hormat bilen ýerinden turupdyr. Onuň bilen iki elläp salamlaşypdyr: – Hoş gelipsiňiz, sapa gelipsiňiz! Bizlik näme ýumşuňyz bolsa, çekinmän aýdyberiň, tagsyr! Şonda … Continue reading Kerwensaraý