DAGLARYŇ HEKAÝATY

Ataly-ogul dagda gezelenç edip ýördi. Birdenkä oglanjyk daşa büdräp ýykyldy. Aýagynyň agyrysyna çydap bilmän gygyryp goýberdi:– Ah-h!Sesine bada-bat daglardan jogap geldi:“– Ah-h!”Oglanjyk geňirgenip töweregine garanjaklady. Kimdir biri üstünden güljek bolýandyr öýtdi:– Kim-eý sen? – diýip gygyrdy.Daglardan ýene ses geldi:“– Kim-eý sen?”Oglanjyk bu jogaba öz ýanyndan gaharlandy:– Gorkak! Orta çyksan-a sen!Jogaba uzak garaşyp durmaly bolmady:“– Gorkak! Orta çyksan-a sen!”Oglanjyk barha çişip ugrady:– Geplemeý indi! Bese-et!Ses gaýdyp … Continue reading DAGLARYŇ HEKAÝATY