Gan içýän garpyz

…Bir obanyň adamlary garpyzy gan içýan wagşy jandardyr öýdýärmiş. Olaryň pikirine görä, garpyzyň içiniň çym-gyzyl bolmagy hem şondanmyş. Bir gün şol oba del adam gelýär. Görse, atyzlarda garpyzlar leýis bolup ýatyrmyş. Hiç kim ellemeýärmiş. Gelmişek derrew bar zadyň anygyna ýetip, adamlaryň bolup ýörşüne ýüregi awaýar. Onsoň obanyň adamlaryna garpyzyň gorkar ýaly zat däldigini düşündirmegiň kül-külüne düşýär. Şunlukda, ol adamlary garpyzly atyzyň gyrasyna çagyrýar. Halaýyk atyzyň … Continue reading Gan içýän garpyz