BU ÝERLER

Pasyllaň sazyn bezenip,Çalan ýerleri bu ýerler.Owal başdan Hak nazaryn,Salan ýerleri bu ýerler. Nesibe çekip dyz epen,Atam-babam döwlet tapan,Olaň müň aglap, müň saparGülen ýerleri bu ýerler. Müşgil işleň sebäbiniň,Dertlileriň tebibiniň,Hak Allanyň Habybynyň,Alan ýerleri bu ýerler. Watanym, dünýä gelenim,Gurbany ýagmyr-ýeliniň,Duşmanyň ömür gülüniň,Solan ýerleri bu ýerler. Şükür döwletim ygtybar,Dur indi elde ygtyýar,Dostlaryň baky bagtyýar,Bolan ýerleri bu ýerler. Gül diýarym bagy-Erem,Ölsem ugrunda jan berem,Allahymyň lutf-u-kerem,Kylan ýerleri bu ýerler. Ýigitleri … Continue reading BU ÝERLER