Şatlyk alamaty

Aristotel bir şägirdine sapak berip bolandan soň: «Düşündiňmi?» diýip sorapdyr. Şägirdi: «Hawa» diýip jogap beripdir. Onsoň, Aristotel oňa: «Ýöne men sende düşünendigiňi aňladýan bir alamat göremok» diýipdir. Şägirdi: «Ol nähili alamat?» diýip soranda, Aristotel şeýle jogap beripdir: «Şatlyk alamaty. Sapaga düşünen bolsaň begenerdiň, ýüzüňde şatlyk alamaty görnerdi». Continue reading Şatlyk alamaty