“Aýallaryň” söweşi

Batyr goňşularynyň ogly Seýranjyk bilen jaýlarynyň ýeňsesinde oýnap otyrdylar. Gurlyşyk etmek üçin dökülen gumuň gyrasynda “maşyn-maşyn” oýnap, ulaglaryna “garaj” salýardylar. Çagalaryň güžürdeşip, dünýäni unudyp, oýnap oturyşlary özüňe çekijidi. Birdenem bolmasy bir iş boldy. Seýranjyk maşynyny bat bilen “sürüp”, “garajyna” saljak bolanda, eli Batyryň “garajyna” degip ýykyldy. Ekabyrja Batyr herreldi: −Ana, ýykdyň. Barysyny pozduň. −Getir-ow men täzeden edip bereýin – diýip, Seýranjyk müýnürgedi. −Menem seňkini ýykjak … Continue reading “Aýallaryň” söweşi