GARGA BILEN KÜÝZE

Guraklyk höküm sürýärdi. Dili damagyna ýelmeşen garga suw gözläp, esli ýol aşypdy, özem diýseň surnugypdy. Suwsuzlykdan ýaňa aňkasy aşyp, başy aýlanyp ugranda, gözi ullakan küýzä kaklyşdy. Pessäýlap, siňe seretse, düýbünde birneme suw bardy.“Gowudygyny! Köp şükür, gutuldym. Näme bolsa, suw-a tapyldy!” diýip, begenjinden pelpelläp ugranda, inçe-uzyn boýunly bu küýzäniň düýbündäki suwy içmegiň özi üçin aňsat bolmajakdygyny aňdy:– Haý, içigar! Men nädip, şu gysgajyk çüňküm bilen o … Continue reading GARGA BILEN KÜÝZE