Gazaw

Atýatakda oýnan wagtymyz aşakda, söwütlerden ýaňa görünmeýän deräniň gamly şyrryldysyny eşiderdik. Öýümiz içki haýatyň beýik kaştan agaçlarynyň arkasynda görünmeýär diýen ýalydy. Ejemiň Stambula gideni sebäpli, menden bir ýaş kiçi jigim Hasan ikimiz Dadaruhuň ýanyndan hiç aýrylmaýardyk. Bu gartaşan çerkesli adam kakamyň seýisidi. Her gün ir bilen atýataga eňerdik. İň gowy görýän zadymyz atlardy. Dadaruh bilen olary suwa ýakmaga äkitmek, arkasyna münmek, biziň üçin dünýäde hiç … Continue reading Gazaw