
Günlerden bir gün zalym häkim Hajjaj köşkünden daşaryny synlap otyrka, elleri pildir kerkili birgiden adamyň başagaý bolup ýer gazyp durandygyny görüpdir. Hajjaj geň galyp, olaryň ýanyna barypdyr-da:
– Siz bu ýerde näme edýäňiz? – diýip sorapdyr. Onsoň, ýer gazyp duranlaryň arasyndan ekabyrragy öňe çykyp:
– Hezreti Omaryň adalatyny gözleýäris – diýip jogap beripdir. Hajjaj muny eşidip, sesini çykarmandyr-da sen-men ýok özüne bir pil getirdipdir. Ýeňini çermäge-de piliň gulagyna zor salyp başlapdyr hem welin, indi bu sapar adamlar geň galyp, ondan:
– Seniň edýäniň näme? – diýip sorapdyrlar. Şonda zalym Hajjaj olara şeýle jogap beripdir:
– Hezreti Omaryň halkyny gözleýärin.