ÝALNYZLYK

Ýeke özüň öýüňde, Telefon dymyp otyr. Nämeler bar küýüňde? Öňüňde galam ýatyr. Köne žurnal okýarsyň, Köne endigňe görä. Telefona bakýarsyň, Soň bakýarsyň penjirä. Garaşmakdan döreýän Iňňän ruhy boşlukdan Sypmak üçin gözleýäň Bir jadyly hoş lukman. Ne jady bar, ne lukman, Ne kakylýar penjire… Gül suwarýaň howlukman, Bägülleň penje-penje. Ýürek gysyp, darygýaň, Bogýar boşlugyň sesi. “Iň bolmanda — Gygyrýaň — Duşmanym bir gelsedi!” Duşmanyňam gelmeýär, Garaşýarsyň … Continue reading ÝALNYZLYK

DARLYK

Biz bu derdi gaýtalaýas müň gezek, Ony ýene gaýtalarys bir meýdan. Balyk diýilene bir umman gerek, Adam diýilene bir giden meýdan. Jeňňel bolsun şir-peleňler mesgeni, Durna erkin bolsun gökde hem ýerde. Düşünýärin, bu köpleriň islegi, Şu oý köp adamy goýýandyr derde. Balyklary jenaýatkär mysaly, Zyndan kimin dar kapasa sokýarys, Uly sirkde ýüzün sallan, mysapyr duran şir-peleňe takal okýarys. Gökde peýwagtyna ýören durnalar ýeriň duzagyna düşýär-de, … Continue reading DARLYK

IKI SÖÝGI

Gije-gündiz öwrüp-çöwrüp hyýaly, Yhlas edip aýdylmadyk sözlere, Çaganyň gursaga badalşy ýaly, Ýakyn boljak boldum sähra-düzlere. Şäher — meň mesgenim, sähra — düşelge, Haýsyn goýsaň, ýürek şoňa towusar. Bu ýaşyl otlara gözüň düşende, Seniň gözleriňem ýaşyl öwüser. Bu topragyň sahylygna ser salyň! Gögermejek zat ýok biziň sährada. Aýagyňy ýere gömseň bir salym, El — şahaňa ýaprak örjek şobada. …Kän zada ýetmekçi bolýaňmy? Ahmal. Onda aýdyň: — … Continue reading IKI SÖÝGI