Ilçi

Öňki döwürlerde bir kazynyň görmegeý, berdaşly alym we takwa ogly bar eken. Bir gün şol juwan ýigit aradan çykypdyr. Kakasy onuň ölümine köp ahy-perýatlar edip, ýanyp-köýüp ýörüpdir. Şondan soň ol ýüregindäki hasrat oduny köşeşdirip bilmän, sabyr-takatdan daş düşüp, kazylyk mejlisine barmandyr. Musulmanlaryň meselelerini çözmek işi agsap başlapdyr. Bir tersa kişi onuň ýanyna gelip: — Musulmanlaryň kazysyna bir soragym bar, kerem-sahawatyňyz bilen jogap bermegiňizi haýyş edýärin  … Continue reading Ilçi