Dürslük
Diýdimzor häkim Hasan Basry hezretlerini tussag etjek bolýar. Mundan habary bolan Hasan Basry hezretleri bir wagtlar ders beren şägirdi Habibi-Ajemi hezretleriniň külbesinde gizlenýär. Tagsyryň yzyny aňtap gelen ýasawullar öýüň eýesine hemle atyp:
– Hasan Basryny gördüňmi? – diýýärler. Habib-Ajemi hezretleri:
– Hawa, gördüm – diýip, gaty arkaýyn jogap berýär. Ýasawullar:
– Nirede, nirede? – boluşýarlar. Habibi-Ajemi hezretleri onuň külbededigini aýdýar. Ýasawullar külbä urduryp girýärler. Külbäniň içini akan-dökän edýärler. Ýöne näme üçindir, Hasan Basry hezretlerini tapmaýarlar. Olar Habibi-Ajemi hezretlerine abaý edip:
– Näme-ow, sen ýalan sözleýärsiň? – diýişýärler. Öýüň hojaýyny bolsa, şol bir durkuny ýitirmän:
– Men ýalan sözlämok. Siz görüp bilmeýän bolsaňyz, meniň günäm näme?! – diýýär. Olar külbäni täzeden bir hatar gözläp çykýarlar, barybir tapmaýarlar. Ýasawullar gidensoň Hasan Basry hezretleri gizlenen ýerinden çykyp, şägirdine şeýle diýýär:
– Eý, Habib! Seniň hormatyňa Rabbym olaryň gözüni gapdy. Ýöne näme üçin meniň ýerimi salgy berýärsiň? Men seniň halypaň ahyry?!
Hezreti Habib halypasyna ýygryly-ýygryla şeýle jogap berýär:
– Eý, halypam! Sizi tapmaýyşlarynyň sebäbi men däl, eýsem dogry sözdür. Sizem gowy bilýäňiz: Alla dürs bolanlaryň ýardamçysydyr. Eger ýalan sözlän bolsadym, onda menem, senem şu wagt zyndanda bolardyk.
Mazlum biçäräniň zalymyň elinden halas bolmagy üçin ýalan sözlämege rugsat berilýän hem bolsa, mümkin boldugyça Habib-Ajemi hezretleri deýin dogry sözi elden bermezlik iň fazyletlisidir, iň haýyrlysydyr.
