
Patyşa bir gün köşgünde uly dabara gurapdyr. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda Hoja Nasreddin hem bar eken. Hoja Nasreddin köşgüň öňüne baryp, biri-birinden bezemen geýnen myhmanlary synlamaga durupdyr. Gelýänleriň arasynda Hoja Nasreddin ýaly köne geýimli ýekeje adam hem ýokmuş. Hoja Nasreddin birbada egnindäki köneje donunyň eýlesini-beýlesine seredişdirip görüpdir. Soňra garny eljuk diýip duransoň, geýimleriniň köneligi ýatdan çykyp, dabarada hödür ediljek näz-nygmatlar göz öňüne gelip ugrapdyr.
Hoja Nasreddin açlygyna çydap bilmän, köşgüň gapysyna barypdyr-da, sakçylara özüni tanadypdyr. Patyşanyň ýöriteläp çagyran myhmany bolansoň, sakçylar ony içeri goýberipdirler. Hoja Nasreddini eltip, supranyň iň soňunda oturdypdyrlar. Saçaga datly tagamlar çekilip ugrapdyr. Saçagyň birbaşyndan doldurlyp ugradylýan mejimeler Hoja Nasreddiniň ýanyna gelýänça boşap galýarmyş.
Hoja Nasreddin janynyň ýangynyna saçakdan zöwwe turupdyr-da, köşkden çykyp gaýdypdyr. Bir baý tanşynyň öýüne baryp, ondan geýer ýaly birlaý täze geýim sorapdyr. Tanşy oňa täze geýimlerinden geýindirip, kellesine-de owadan selleleriniň birini sarapdyr. Hoja Nasreddin köşge dolanyp gelipdir-de, sakçylardan içerik girmäge rugsat sorapdyr. Sakçylar ony tanamansoňlar, şazadalaryň biri myhmançylyga gelendir öýdüpdirler. Olar iki epilip salam beripdirler-de, Hoja Nasreddini saçagyň töründe oturdypdyrlar. Mejimler ýene dürli tagamlardan dolup-dolup Hoja Nasreddiniň öňüne gelipdir. Hoja Nasreddin ýeňini çorba batyryp, sellesine hem şerbet guýup, üst-başyny görer ýaly etmändir. Her kim onuň bolşuny geň görüpdir. Ahyry oturanlaryň biri saklanyp bilmän:
– Ne gözel eşigiňizi näme üçin beýdip hapalap otyrsyňyz? – diýip sorapdyrlar. Hoja Nasreddin hiç zat bolmadyk ýaly şeýle jogap beripdir:
– Adamlar, aýyplaşmaweriň! Üst-başym birneme haparak görünýär öýdýärin. Ýöne men şu tagamlara geýimlerimiň arkasyndan ýetdim. Şonuň üçin ilki bilen şolar doýmaly dälmi eýsem?!