Sungat

Ussat suratkeşiň şägirtleriniň biri okuwyny tamamlapdyr. Halypasy oňa ak pata bermänkä, soňky gezek bir ýumuş tabşyrmak isleýändigini aýdypdyr:

–  Bu seniň çekjek iň soňky suratyň bolar. Sen şony alaga-da, şäheriň iň köp adamly köçeleriniň birine eltip goý. Suratyň ýanynda bolsa, gyzyl galam dursun. Onsoňam: «Eger suratda bir kemçilik tapaýsaňyz, gyzyl galam bilen üstüne çyzyp, bellik etmegiňizi haýyş edýäris!» diýen hatjagaz ýazyp, suratyň bir burçuna asmagy hem ýatdan çykaraýma!

Aradan birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky ýigit özüniň goýup gaýdan suratyny görmäge barsa, suratyň ýüzi gyzyl galam bilen petir bezelen ýaly edilen eken.

Ýigit lapykeç bolup halypasynyň ýanyna gaýdyp gelipdir. Halypasy oňa ruhdan düşmän, şol suraty gaýtadan çekmegi maslahat beripdir. Ýigit öňki suraty gaýtadan çekipdir. Onsoň, halypasy oňa suraty ýene öňküsi ýaly şäheriň iň köp adamly köçeleriniň birinde goyup gaýtmagy tabşyrypdyr:

–  Ýöne bu sapar suratyň ýanynda dürli reňkli boýaglar bilen çotga hem goýup gaýt. Suratyň bir burçuna-da edil öňküsi ýaly, adamlara suratdan tapan kemçiliklerini düzetmegi haýyş edýän haty hem asgyn!

Ýigit aýdylanlary berjaý edipdir. Aradan birnäçe gün geçensoň, ol suratyny görmäge barypdyr. Surat hiç hili ellenmändir eken. Ol begenip, muny halypasyna aýdypdyr. Şonda halypasy oňa şeýle diýipdir:

– Birinjide, ykbalyňy adamlaryň eline tabşyranyňda seni nähili dözümlilik bilen tankyt okuna tutýandyklaryny gördüň. Ömründe eline çotga alyp görmedik adamlar hem gelip, seniň suratyňa bellik eden bolup gidendir. Ikinjisinde bolsa, sen olaryň özünden iş görkezmeklerini talap etdiň. Iş görkezmek üçin sungat mekdebiň terbiýesini almak gerek. Şonuň üçin hiç kim saňa düzediş bermäge gurby çatmady. Zähmetiň netijesine seniň zähmetiňe düşünmeýän adamlardan garaşmagyn!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s