
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda raýatlyk urşunyň başlan ýyllary prezident Linkoln Waşingtondaky uly kiliseleriň birine barýar. Şonda kilisäniň ruhanysy janyndan syzdyryp prezidente şeýle diýýär: «Jenap prezident! Bu kyn göreşde Taňrynyň biziň tarapymyzda bolmagyny diläp doga edeliň!». Linkoln bolsa, oňa agraslyk bilen şeýle jogap berýär:
– Taňrynyň hakyň tarapyndadygyna hiç hili şübhäm ýok. Esasy zat – meniň we milletimiň hakyň tarapyndalygy ýa däldigi. Ine, meniň bar pikir edýän zadym şol. Şonuň üçin hem Taňrydan diňe hakyň tarapynda bolmagy dileýärin. Başga zat dilämok!