Ýürek

Bir gün şäheriň iň gelim-gidimli ýerleriniň birinde bir ýaş ýigit orta çykyp, uly ili bilen «Meniň ýüregim arassa» diýip gygyrýarmyş. Ýoldan geçip barýanlar hem geň galyp, ýigidiň ýüregini açyp görýärmişler welin, hakykatdanam, allaname, kir-kimirsiz bir enaýy ýürekmişin. Onsoň, adamlar  «Dogrudanam, ýüregi arassa eken» diýip ötägidýärmişler. Ýigit hem muňa öz ýanyndan monça bolýarmyş. Şol pursatda köpçüligiň arasyndan bir goja peýda bolanmyşyn. Goja özüniň ýüreginiň ýigidiňkiden has arassadygyny aýdyp, uly iliň öňünde ýüregini açyp görkezipdir. Adamlar görseler, eýlesi-beýlesi ýa gopan, ýa bolmasa-da gopan ýerleri aňry-bäri zatlar bilen ýamalan ýürekmiş diýýär. Muny gören ýigit:

 – Seniň arassa diýýän ýüregiň hem şumy? – diýip-de, gülüp goýberipdir. Onsoň, beýleki adamlar hem gojanyň üstünden gülüp başlapdyrlar. Ine, şonda goja ýigide ýüzlenip, şeýle diýipdir:

Seniň ýüregiň, hakykatdanam, kem ýeri ýok. Ýöne men şonda-da öz ýüregimi seniňki bilen çalşyp biljek däl. Dogry, ýüregimiň gopan ýerleri az däl, sebäbi men adamlara söýgimi berdim. Olara ýüregimiň bir bölegini goparyp berdim. Adamlar hem şonuň ýerine maňa öz ýüreklerinden bir bölek goparyp berdiler. Berlen bölekler berenlerimiň ýerine laýyk gabat gelmeýändigi üçin, ýüregim büdür-südür bolup dur. Ýüregimde oýlup duran ýerleriň barlygynyň sebäbi bolsa, hiç zada garaşman beren söýgim zerarlydyr. Käte birine söýgiňi bermek üçin, töwekgellik etmeli bolýar. Ýüregimde oýlup duran şol ýerler käte şeýle bir syzlap agyrýar, şonda özgäniň kalbyndaky maňa bolan söýginiň ýylysyny duýup, azda-kände ynjalýaryn. Bir gün şol oýuklaryň hem hökman ýapyljagyna ynanýaryn. Ine, ýigit, indi sen hakyky söýginiň nämedigine düşünen bolsaň gerek?!

Ýigit gözlerinden boýur-boýur ýaş akdyryp, ýüreginiň bir bölegini goparaga-da goja uzadypdyr. Goja özüne berlen bölegi alyp, ýüreginiň üstüne goýupdyr. Şeýle hem ýigide-de özüniň ýama-ýama ýüreginden bir bölejik alyp uzadypdyr. Ýigidem şony ýüreginiň üstüne goýup:

Berlen bölek berenimiň ýerine laýyk gabat gelmeýän hem bolsa, ýüregim öňküden has gözelleşdi – diýipdir-de, goja bilen tirkeşip gidiberipdir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s