Ata we agtyk

Gadym zamanlarda garrap, halys tapdan düşen bir goja bar eken. Gojanyň aýaklary diýen etmän, gözleri kütelip, gulagy-da agralypdyr. Agzynda diş galmansoň, ol iýýän naharyny hem ibaly çeýnäp bilmändir. Gojanyň gelni bilen ogly bolsa, nahary agzyndan döküp iýýändigi sebäpli onuň bilen bir saçagyň başynda nahar iýmändirler. Onuň ýeke özüne aşhanada aýratyn saçak ýazyp, nahary şol ýerde beripdirler.  

Günlerde bir gün goja gelniniň guýup beren naharly tabagyny elinden gaçyrypdyr. Muny gören gelin ýel berlen tulum ýaly çişip, gaýyn atasyna jabjynypdyr. Ol goja öýde abat zat goýmandygyny, tabaklaryň barysyny döwüp soňuna çykandygyny, şonuň üçin hem mundan beýläk oňa agaç tabakda nahar berjekdigini aýdypdyr. Goja bolsa, sesini çykarman,  diňe uludan demini alyp oňaýypdyr.

Bir gün gojanyň ogly bilen gelni öýde otyrkalar, kiçi ogullarynyň agajy oýup, bir zatlar ýasajak bolup ýörendigini görüpdirler. Şonda kakasy oglanjyga:

 – Oglum näme ýasaýaň? – diýip sorapdyr. Oglanjygam:

Kaka, agaçdan tabak ýasaýaryn. Siz garraňyzda şulara nahar guýup, size äberjek – diýip jogap beripdir.

Muny eşidip, gojanyň gelni bilen ogly biri-biriniň ýüzüne seredenlerini duýman galypdyrlar. Olar şonda özleriniň öte geçendiklerine düşünipdirler. Şeýlelikde, gojanyň gelni bilen ogly ýene goja bilen bir saçagyň başynda nahar iýmäge başlapdyrlar we gaýdybam oňa gaty-gaýrym söz aýtmandyrlar.  

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s