Ybraýym Edhem hezretleri azat etmek maksady bilen bir gul satyn alýar. Ondan:
– Seniň adyň näme? – diýip soraýar. Gul:
– Siz näme diýip tutsaňyz, şol hem meniň adym bolar – diýip jogap berýär. Ybraýym Edhem hezretleri ýene-de ondan:
– Nähili nahar iýesiň gelýär? – diýip soraýar. Gul bolsa:
– Näme berseňiz, şony hem iýerin – diýýär. Allanyň dosty ýene ondan:
– Eliňden näme gelýär? – diýip soraýar. Gul:
– Nähili ýumuş buýursaňysyz şony hem ederin – diýýär. Ybraýym Edhem hezretleri oňa ýene-de şeýle sowal berýär:
– Nähili isleg-arzuwyň bar?
Gul onuň bu sowalyna:
– Heý-de, guluňam bir arzuwy bormy?! Hojaýynyň islegi-arzuwy onuň isleg-arzuwydyr – diýip jogap berýär.
Guluň bu jogaplaryny eşiden Ybraýym Edhem üzerlerindeki aglamakdan ýaňa essinden gidýär. Özüne gelen Allanyň dosty soňra şeýle diýýär:
– Eý, sölite Edhem! Gul bolmagy, ine, şu kişiden öwren! Heý-de, sen ömrüňde bir gezek şunuň bolşy ýaly, Alla gul bolup bildiňmi?!
* * *
Hawa, olar şahsy bähbitlerini bütinleý unudyp, diňe Allanyň isleýşi ýaly ýaşamaga synanyşan adamlar. Hatda bir gezek Ybraýym Edhem hezretlerinden «Sen kimiň guly bolýarsyň?» diýip soranlarynda özünden gidýär ýatyberýär. Sebäbi ol «Allanyň guly» diýmäge ejap edýärdi. Munuň hem sebäbi ol Alla laýyk gul bolup bilmeýändigine çyny bilen ynanýardy. Başga hili jogap bermegi bolsa, dogry saýmaýardy.
Her kim hakyky ynsan bolup bilmegi üçin şolar ýaly gul bolup bilmegi başarmalydyr.