JAÝDAR JOGAPLAR

Wezirlik
Osmanly serkerdelerinden Hasan Paşa Kanije söweşinde ýeňiş gazanýar. Şonda soltan Mehmet III oňa her dürli serpaýlar bilen birlikde bir nama ýollaýar. Bu namada soltanyň ony wezir belländigi hakynda beýan edilýärdi. Soltanyň namasyny Ýazar Faizi Çelebi okaýar. Şol wagt Hasan Paşa hünübirýan aglamaga başlaýar. «Näme üçin aglaýaň?» diýip soran kişilere ol şu aşakdaky taryhy jogabyny berýär:
– Bitiren sähelçe işimiz üçin patyşamyz meni wezir belläpdir. Men döwletiň wezirligi ýaly agyr wezipäniň meniň ýaly garrap tapdan düşen gojalara galandygy üçin aglaýaryn.

Alynma söz
Belli türk žurnalisti Nuretdin Orýanyň hususy gazetleriň birinde redaktor bolup işläp ýören wagty gazetiň eýesi onuň ýanyna gelýär. Hojaýyn gazetiň şol günki sanyndan çap edilen «Telepatiýa hadysasy» atly makalany Nuretdin Orýana görkezip käýinýär:
– Size şunyň ýaly alynma sözleri ulanmaň diýip, niçezar aýtmaly, hä?! Biz medeniýetli kişiler «telepatiýa» diýmegiň boks ýaryşydygyny bilýänem bolsak, sowatsyz halk muny nireden bilsin?!

Şatlykly soňlama
Çagalar ýazyjysy Kemaletdin Tugçynyň ýazýan eserleri körpe okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Ol bir gün çagalaryň ellerinden düşürmän okaýan romanlaryna göwünleri ýetmän, «çeperçiligi pes eserler» diýýän kişilere şu jogabyny berýär:
– Kitaplaryma edebi çeperçiligi taýyndan oňat eser diýip biljek däl. Emma käm näme diýse, diýibersin, men ýagşy adam bolmaga çalyşýaryn. Çagalara eýe çykyp, olary terbiýelemekden lezzet alýaryn. Esasanam, garyp çagalaryň durmuşy hakynda ýazdym. Sebäbi özüm garyplykda önüp-ösdüm. Bu ýoksullyk azda-kände ruhy garypylygy-da aňladýar. Ene-atasy aradan çykan ýetim çagalar barada-da ýazan halatlarym boldy. Emma olara kän hasrat çekdirmedim. Eserlerimde hiç kimi öldürmedim. Kimdir birine erbetlik etmegi-de maslahat bermedim. Meniň romanlarymda janyňa kast etmek, inçekesel bolmak ýaly zatlar ýokdur. Çagalar kitaby şatlykly duýgular bilen tamamlaýarlar. Menem olary bagtly etmegi örän gowy görýärin.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s