“TÄZEÇE DURMUŞ”

Özüme gelen wagtym depäm agyrydan ýaňa lorsuldap durdy. Endam-janym meniňki däl ýalydy. Darajyk ýerde süýnüp ýatyrdym. Ýerimden turmaga synanşamda, kelläm bir tagta bölegine degdi. Alaçsyz, ýene-de süýnip ýatmaly boldum. Gözlerim açyk bolsa-da, ähli ýer tüm garaňky,  hiç zady görüp bilemokdym. Birden ýüregime gorky aralaşyp ugrady. Gorkym gitdigiçe has güýjeýärdi. Ýüzümdäki ak matanyň ýüzüne düzülen merjen däneleri ýaly ýaldyraýan der damjalary çekgämde ot tutaşdyryp, aşaklygyna syrygýardy.

Näme üçin bu ýerde ýatanymy aňşyrjak bolup, özümiň suw deýin akyp giden durmuşyma göz aýladym. Birdenkä ölüm ýadyma düşdi. Bu aýylganç pikir inimi tikenekletdi. Pikirlerim bilen syrly älemleriň derýasynda gulaçlap ýüzüp, kanary tapyp bilmän urunýardym.  Göwnüme bolmasa kellämda müňlerçe garynja gezmeläp ýören ýalydy.

Görsene muny,  men tabytda  ýatan bolsam nätjek. Ýaňky turjak bolanymda-da kelläm tabydyň gapagyna degen ekeni. Hawa, hossarlarym meniň içki öýümiň agzyna kerpiç hem ördüripdirler. İndi, şular ýaly darajyk otagy içýandyr ýylanlar bilen paýlaşmaly bolupdyryn. Bu ahwalatlar çyn bolsa, men topragyň astynda pikir edip bilýärdim. Topragyň astynda dem alyp bilyän bolsam, pany jahanda wagtym ol dünýäniň barlygy barada eşiden gürrüňlerim dogry bolmaly-da. Bir salymdan, belki,   töweregimde sorag perişdeleri hem köw urup başlar. Öz ugruna akan, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Hawa, hiç bir janly-jemendäniň peydasy bolmadyk durmuşymdan…

Gorkydan ýaňa bedenim sandyrap durdy. Maña garaşýan jebir-jepalaryň aýylgançdygyny duýýardym. Dowzahyň  howruny endam-janymda syzýan ýalydym. Bedenimiň ähli öýjüklerinde tutaşan ökünç yzasy çekip çydar ýaly däldi. Hawa, edil şu wagt topragyň goýnunda ýatan hem bolsam, salgym bolup görünýän meniň şol günälerden doly dünýäme tarap –  jehennemiň ýandyryjy alawyna tarap barýardym.

Yatan ýerimden geçmişime ser salmaga durdym. Ýaňy on iki ýaşyny dolduran oglanjykdym. Kakam  öz dost-ýarlary bilen üýşüp, şerap süzüp keýpi-sapa sürerdi. Gapyny ýuwaşja açyp, olara syn edýärdim. Olaryň keýpi-sapalarynyň çeşmesi, içýän alkogolly içgileridir öýdýärdim. Telewizorda daşary ýurt kanallaryndan görýän kinolarymdaky sahnalar  meniň bu pikirimi ençeme gezekler tassyklap, goldaýardy. Şondan soň,  men hem kakamyň şol çüýşesine şärik bolup başladym. Kakam muny göreninde, maňa gaharlanmady. Meni gujagynda oturdyp: ‘Erkek adam içmeli’ diýip, pyýalany şol zährimardan öz eli bilen dolduryp berdi. İne, şol pursatdan soň, çüýşeleri hemra edinip, erkimi damarlarymdaky gana aralaşan şeýtanyň eline berip, pis pygyllaryma gulluk etmäge başladym.

Zyýanym ilki bilen garyndaşlaryma we goňşularyma ýetdi. Soňra bolsa, hemmelere erbetlik etmek bilen boldym. Nebsewürligim, açgözlügüm hemişe özümden öňdedi. Gözümde ynsanlaryň hiçisiniň gadyr-gymmaty ýokdy. Kakam, ejem, garyndaşlarym, hat-da ülpetlerim hem meniň üçin hiç zatdy… Ynsanlara asla hormatym ýokdy. Meniň keýpi-sapama garşy bolanlary dynnym ýalyjak hem sylamaýardym.  Çünki men indi pyýalalar tarapyndan dolandyrylýan duýgusyz ýönekeý bir robotdym.

Araga pul bermäni üçin garryja ejem bilen kakamy uran gezeklerimem boldy. Olaryň it görse gözi agarjak bir durmuşda ýaşap, soňra-da atsyz-sorsuz ölüp gitmeklerine  men sebäp boldym. Kakam meniň elime arakdan pürepür bulgury bermek bilen,  öz azap guýusyny özi gazdy. Ejem bolsa meniň üçin durmuşymda hiç bir orny ýok, gündelik hojalyk işlerini ýerine ýetirýän abzaldan ybaratdy. Olary ezizläp, hormat goýmalydygyma şu wagt düşünýän. Käşgä yzyma dolanyp bilýän bolsadym, mazarlarynyň başynda hem bolsa meni bagyşlamaklary üçin olara ýalbarardym.

Öýlenen günlerim, aýalym ýadyma düşdi.  Bir gün, hat-da ýekeje pursatlyk hem onuň ýüzüni güldürmändim. Ol mundan soňra, meniň bilen bir ykbaly paýlaşan döwründe yatdan çykaran şatlygyny täzeden görer diýip, umyt edýärin. Yzymda galan gol doly çagalarym göz öňüme geldi. Boyunlary buruk, ýüzleri salyk, solan güller deýin, söýgüden, mähirden, kaka gujagyndan mahrum bolan çagalarym. Kim bilýär ykbal nähili muşakgat taýýarlaýar olara. Eger mümkin bolsady, çagalarymdan hem-de aýalymdan ötünç sorardym. Olaryň gulagyna, gelejekde ýollaryny ýagtyltjak hakykatlar barada bir zatlar pyşyrdamaga, öz sepil durmuşymdan sapaklar hödür etmäge synanşardym.

Bedenimiň sandyramasy galan hem bolsa, ýüregim birahat tirpildeýärdi. Görünmeýan bir el endam-janymy ýiti päki bilen dilimleýän ýalydy.

Maňa maslahat bermäge gelenler, töwella etmäge gelenler, ýanyma gelenlerine puşman edýärdiler. Gije diýmän, gündiz diýmän bütin günümi dawa-jenjel bilen geçirerdim. Biçäre çagalarymyň ellerindäki puljagazlaryny zor bilen alardym. Ýanyma pul diýip gelseler, olary suwa salma ýenjerdim… Hiç bolmanda,  wagtlaýynça bolsa-da şu toprak üstümden aýrylsady, gapy-gapy aýlanyp, başymy basgançaklara diräp, ähli edenlerim üçin ötünç sorap bilsedim.  

İndi barybir giç… Birsalymdan perişdeler gelip,  günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Wagt geçdigiçe, maňa berilýän gabyr eziýetleriň görnüşi-de üýtgeýärdi. Bedenime gyzgyn demir bilen tagma basylýan ýalydy. İndi halys derlemäge derim galmady, bogazym gurap, dodaklarym bir-birine ýapyşyp durdy.

İň erbet tarapy hem, bir gezejik hem bolsa Ýaradany ýatlap, dyz epmändim. Aýdylanlary howaýy gep diýip bildim. Emma häzir, Ýaradandan hem-de onuň ilçisinden soraga çekerler meni. Men bolsa bütin ömrümiň dowamynda çüýşelere “çokunup” gezdim. Şolar bilen umytlarymy besledim. Günüm hemişe aýşy-eşretde geçsedi, naharlarym içgi bilen taýarlansady, eşiklerim içgi bilen ýuwulsady diýip arzuw ederdim. Häzir hem ‘Seni ýaradan kim?’ diýip sorasalar, dilim barmaz ”Alla” diýmäge. Çünki men tutuş ömrümde çüýşelere “çokunypdym”. Haçan-da bolsa bir gün, ölümiň geljegini pikir etmändim. Wah, iň bolmanda, ynsanlara ýekeje gezek ýagşylyk etmäge rugsat berilsedi…Onda bir çetde oturyp, men ýalylara – durmuş serhoşlaryna, maddy zatlara togap edýänlere ölümiň  hem-de  hasap gününiň hakykatdygyny düşündirmäge çalşardym.

Suw seňrikden agansoň, ynsan gabra girensoň ökünjiň peýdasy ýok.

Şu pikir-hyýallar bilen gumra bolup, näçe wagt ýatanymy bilemok. Gözümi açanymda, göreçlerim Günüň ýiti şöhlesi bilen çaknyşdy. Üns bilen  syn edenimde, bu ýeriň seýilgähdigine göz ýetirdim. Nepesim birneme durlanaýdy. Meger agşam serhoş halda bu seýilgähiň oturgyçlarynyň birinde ýatyp galandyryn. Gije ýere ýykylyp, uzyn oturgyjyň aşagyna düşüpdirin. Hol beýlämde duran  ýarysy içilen  arak çüýşesini görenimde, içýan gören ýaly inim tikenekläp gitdi. Şol bada ony alyp gapdalymda duran zibil sebedine oklap goýberdim.

Şol günden soň, maksatly ýaşamaga başladym.  Allatagalanyň öňünde bir gün hasap bermek  gorkusy meni  erbet işlerden daşlaşdyrdy. İçimde, nebsime haý diýip biljek bir güýç peýda boldy.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s