OÝUNJAK

Uzak gününi daşarda işläp geçirýän är-aýal kiçijik gyzlarynyň doglan güni üçin sowgat almak niýeti bilen oýunjak dükanyna girýärler.
Aýal satyjy gyza ýüzlenip:
– Serediň, gyzym uzak gün öýde öz enekesi bilen galýar. Şoňa bar-a, men öýde ýokkam, meň ýoklugymy duýdurmajak oýunjak gerekdi welin, tapyp bolmazmyka? – diýdi.
Satyjy gyz başyny ýaýkap:
– Size gaty oňat düşünýärin, hanym – diýdi. “Biziň dükanymyz bu jelegaýda köpdürli oýunjak satýan iň belli dükandyr. Nähili oýunjak diýseňiz, size badabat tapyp berip bilýän. Oýunjak aýylar diýermiň, oýunjak esgerler diýermiň, ot öçürijiler diýjekmi, ýa bolmasa her hilisinden oýunjak bäbekler diýjekmi… Ýöne, gynansagam, oýunjak EJEMIZ ýok. Hiç haçanam bolmandy, bagyşlarsyňyz”.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s