KAGYZ

Günlerde bir gün mugallym sapakda okuwçylara bir täsin sorag berjekdigini aýdypdyr. Eline kagyz alyp, okuwçylara görkezipdir.
– Siz şu ýerde näme görýärsiňiz? – diýip, mugallym olardan sorapdyr.
– Nokat belgisini – diýip, okuwçylaryň biri jogap berýär. Beýlekiler hem bu okuwçy bilen ylalaşypdyrlar, ony goldapdyrlar. 
– Oňatja syn ediň! – diýip, mugallym ýene okuwçylaryň ünsüni çekipdir. Emma hernäçe seretseler hem, okuwçylar nokat belgisinden başga zady görüp bilmändirler. Şonda mugallym: 
– Siziň hemmäňiz kiçijik gara nokat belgisini gördüňiz. Emma hiç biriňiz şu uly ak kagyzy görmediňiz! – diýip, uludan demini alypdyr. Soňra-da olara ýüzlenip:
– Diýmek, heniz size öwretmeli zatlarym kän – diýýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s