Kerim Gurbannepesow
Bir ýaş şahyr şeýle diýdi: «Başga şahyrlaryň kitaplaryny köp okamak meniň goşgularyma zyýan ýetirýär: men olaryň täsirine düşýärin-de, şondan çykyp bilemok».
Ýok, bu beýle däldir. Diňe az okaýan adamlar täsire düşerler hem-de şondan çykyp bilmezler.
Beýle ýaş şahyrlaryň howsalasy maňa düşnükli. Olar Garsia Lorkany okap iki goşgy, Trýapkini okap − dört goşgy, Rilkäni okap sekiz goşgy ýazýarlar.
Ýöne olar hem-ä şol şahyrlary okasalar, onuň daşyndan-da türkmen, rus, dünýä edebiýatynyň iň ajaýyp eserlerini gaýtadan hetjikläp, şondan soň bir goşgy ýazsalar onda olar hiç haýsysynyň täsirine düşmezler.
Bu adaty durmuşda-da şeýledir. Dünýäniň gözel şäherleriniň diňe ýekejesini gören adam, diňe ýekeje şäherlik gürrüň edip biler. Ýüzlerçesini gören adam − ýüz esse baýdyr.
Söýgüli şahyrlaryň goşgularyndan epigraf alynýar. Käteler weli şol epigrafy okanyndan soň, onuň aşagyndaky goşgyny okasyň gelmeýär. Sebäbi epigraf goşgyny açýar. Emma bu onuň tersine bolmalydyr: goşgy epigrafy açmalydyr.
Galamdaş ýoldaşlarymyň biri poemalarymda, goşgularymda gabat gelýän käbir kiçijik rowaýatlar hakynda şeýle diýdi: «Ozal eşiden bolsam, şol rowaýatlary, wah, men goşga geçirerdim!» Men ýylgyrdym. Jogap bermedim. Ýöne jogap beräýen bolsam, şeýle diýmelidim: «Olaryň köpüsi köne rowaýat däl: özüm oýlap tapdym». Dogrudanam, rowaýatlary, nakyllary döredýän − halk. Bizem halkyň wekili. Diýmek, olary döretmäge biziň hem hukugymyz bar.