Kerim Gurbannepesow,
Dowamy…
Şahyrlar Gara Seýitliýew, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew… biziň öýümizde täze goşgularyny okaşyp otyrdylar. Ýaş şahyrlarymyzyň ýene-de biri gapydan girdi. Goşgulary esli salym üns bilen diňledi-de, özi-de goşgy okamaga isleg bildirdi.
Okan goşgularynyň hiç hili täsir döretmedigini aňdymy, nätdimi, ol nägilelik bilen ýüzümize seretdi:
− Wah, menem siziň okaýşyňyz ýaly okap bilýän bolsadym, onda meniň goşgularym hem oňat bolup görnerdi. Arman, men öz goşgularymy siziň okaýşyňyz ýaly okap bilemok.
Gara Seýitliýew birgeňsi ýylgyrdy-da, onuň iki sany goşgusyny elinden garbap aldy. Iki-üç sapar içinden okap çykdy. Soňra bolsa özüne mahsus owadan, owazly sesi bilen ussatlarça okap berdi. Emma goşgular öňküsiçe-de täsir döretmedi. Gaýta gowy okaldygyça, göýä rentgen apparatyna tutulýan ýaly, olaryň kemçilikleri has ýalaňaçlanyp görünýärdi.
Erbet goşgulary henizem erbet okaýyş halas edýär.
Öňde bir şahyr özüniň iş stoly üçin 100 sany tahyl ýasadypdyr. Her goşgusyny ýazyp bolan badyna, ony ikinji tahylyň içine atypdyr. Soňra täzeden işläp, üçünji tahyla taşlapdyr. Onsoň her gezek ýaňadandan işlände, ýene-de dördünji, bäşinji, altynjy... tahyllara geçiripdir. Şeýdip-şeýdip her goşgusyny ýüzünji tahyldan çykarandan soň ─ diňe şondan soň çapa hödürläpdir.
Ýaşasyn ýüzünji tahyl!
Bir rus aýdymyny türkmençä terjime etmegimi haýyş etdiler. Onuň içinde “под солнцем Октября” diýen setir bardy. Men ony Oktýabryň saýasynda diýip terjime etdim.
Aýdymy kabul ediji redaktor teksti üns bilen okap, rusça originaly bilen deňeşdirip gördi. Soňra bolsa gazap bilen golumdan tutdy-da, meni daşaryk alyp çykdy. Daş gapyda aýak çekip, elini kölegä uzatdy.
─ Şu ýeriň ady näme?
─Saýa. Kölege.
─ O ýeriň ady näme?
─Güneş.
Ol äýnegini aýyrdy-da, gözlerimiň içine çiňňerildi:
─ Onda sen näme üçin güneş sözüni saýa, ýagny kölege diýip terjime edipsiň? Ol ikisi biri-birine garşy sözler ahyry!
Men gaharlanjagymy-da bilmedim, ýylgyrjagymy-da. Ýöne gaýdyp ol adam bilen iş salyşmazlyga ant içdim.