İki it

Indeýesleriň serdary agtygy bilen her gün gapyň agzynda oturyp, iki itiň urşuşyny synlar eken. Itleriň biri ak, beýlekisi garamyş. On iki ýaşlyja oglanjyk özüni bileli bäri şol itler öýüň öňünde şeýdip urşup geçirýärmişler. Oglanjygyň atasy bolsa, möjekden azan şol iki iti hergiz ýanyndan aýyrman saklaýarmyş, olary asla aç-hor etmeýärmiş.

Oglanjygyň öýi goramak üçin bir itiň ýetik wagty ikinji itiň nämä gerek bolýandygyny, üstesine, olaryň reňkiniň näme üçin ak bilen garadygyny bilesi gelipdir. Ol muny atasyndan sorapdyr.

Goja serdar myssa ýylgyryp, agtygynyň arkasyny sypapdyr-da: «Olar meniň üçin iki sany nyşandyr, oglum» diýipdir. Oglanjyk: «Nämäniň nyşany, ata?» diýip soranda, goja oňa:

Ýagşy bilen ýamanyň nyşanydyr. Ynha, edil şu görýän itleriň ýaly ýamanlyk bilen ýagşylyk hem mydama biziň içimizde göreşip geçýär. Itleriň urşýanyny görsem, her gezek şol hakykat ýadyma düşýär, oglum! Şonuň üçin hem men olary ýanymdan aýramok – diýip jogap beripdir.  

Atasynyň bu gürrüňi oglanjygy oýlanmaga iteripdir. Ol öz ýanyndan: «Uruş bar ýerinde, ýeňiji hem bolmaly» diýip pikir öwrüpdir. Onsoň ýene-de öňki bilesigelijigi bilen atasyndan: «Bularyň haýsysy ýeňýär, ata?» diýip sorapdyr. Atasy loh-loh gülüpdirdir-de şeýle jogap beripdir:

– Haýsysy ýeňer öýdýäň? Elbetde, men haýsyna köp ýal bersem, şol ýeňýär, balam!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s