
Gadym zamanlarda bir pelsepe mekdebi bar eken. Bu mekdep paýhas gözläp gelýänlere gapysyny giňden açýan eken. Emma şol gapydan girmegiň ýekeje şerti bar eken. Ol hem aýtjak zadyňy geplemän aýdyp bilmek eken.
Günlerde bir gün şol mekdebiň gapysynda bir nätanyş adam saklanypdyr. Nätanyş gapynyň öňünde gymyldaman durupdyr. Mekdepde däp bolan düşünjä görä, gapyň öňüne kimdir biriniň gelip garaşyp duranlygy duýgy arkaly içerdäkilere mälim bolmalymyş. Şonuň üçin hem gapynyň tokmagy ýa-da jaňy ýokmuş.
Birsalymdan soň gapy açylypdyr. Gapyny açan adam gapynyň öňünde duran nätanşa seredipdir. Gözler bilen salamlaşylandan soň, sözsüz gürrüňdeşlik başlanypdyr. Nätanyş şu mekdepde bilim almak isleýändigini düşündiripdir. Gapyny açan adam nätanşyň näme üçin gelendigini bilensoň, «Häzir derrew geljekdigini» düşündirip, gapyny ýapypdyr. Birsalymdan, ol bir käse suw bilen dolanyp gelipdir-de, nätanyşa uzadypdyr. Bu, mekdebiň okuwçy sany doly diýmekligi aňladýar eken.
Nätanyş näme diýiljek bolýandygyna düşünip, ýerde ýatan bir gülüň ýapragyny alaga-da suwuň üstüne goýupdyr. Ýaprak suwuň ýüzünde durupdyr, käseden hem hiç hili suw dökülmändir. Gapyny açan adam hormat bilen baş egip, nätanşy içerik goýberipdir. Suwy seňrikden agdyrmaýan gül ýapragyna mydama-da ýer tapylaýmalydy.