Şükür

Ýaşy bir çene ýeten dindar bir aýal her gün ertir namazyndan soň, daş işige çykyp, çasly sesi bilen:

– Alla jan! Bereniňe şükür! – diýip, dileg edýärmiş.

Muňa mähetdel ýaly, ol aýalyň duldegşir goňşusy hem her gün irden daş çykyp:

– Goňşy, hudaý ýok, hudaý ýok – diýip gygyrýarmyş.

Garry aýal goňşusynyň sesini eşitse-de eşitmedik bolup, her gün irden şeýdip dileg ediberipdir. Goňşusy hem oňa «hudaý ýok» diýip, jogap gaýtarmagyny kes-kelläm bes etmändir.

Şeýlelikde, bir gün goňşusy garry aýala al salmagyň kül-külüne düşüpdir. Ol bazara gidip, sebedini miwedir gök önümlerinden doldurypdyr-da, getirip garry aýalyň gapysynyň öňünde goýupdyr. Ertesi gün garry aýal daş işige çyksa, miwedir gök önümlerinden doly bir sebet gapyda durmuş. Garry aýal muňa gaty begenipdir. Ol Haktagala bolan hoşallyk duýgusyny söz bilen beýan etmän saklanyp bilmändir:

– Alla jan! Bereniňe şükür. Bu zatlary maňa ugradanyň üçin, saňa näçe şükür etsem hem azdyr.

Garry aýalyň bu sözlerini ýene goňşusy eşidip, oňa:

– Goňşy, hudaý ýok, hudaý ýok. Şol sebedi gapyňda men goýdum – diýip seslenipdir.

Şonda garry aýal oňa şeýle jogap beripdir:

– Alla jan! Saňa näçe şükür etsem hem az. Sen bu sebedi dolduryp hem-ä maňa ugradypsyň, hemem şonuň puluny şeýtana töledipsiň!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s