TARYHYŇ IÇKI SAHYPALARY

3
Dowamy…
Begençli buşluk, hasratly ölüm


Melek Ahmet Paşanyň gören düýşünden ýigrimi alty gün geçenden soň köşk ýaşaýjyjarynyň okan hatymlarynyň, aýdan salawatlarynyň saýasynda Gaýa soltan nurana ýüzli gyz bäbejik dünýä indirdi (1659ý). Oňa Fatyma soltan diýip at goýdular. Köşgüň ýaşaýjylary uly baýramçylyk edip, halka altyn teňňelerden sadaka paýladylar. Emma bu şatlyk uzaga çekmedi. Gaýa soltanyň ýagdaýy gitdigiçe agyrlaşyp ugrady. Ony bejermek üçin getirilen göbek eneleriň göýberen säwlikleriniň netijesinde, Gaýa soltan bäbegini dogranyna ýaňy dört gün bolanda ýagty jahan bilen hoşlaşyp, ýigrimi ýedi ýaşynda Allanyň dergähine rowana boldy.
Syýahatçy Öwliýa Çelebi Gaýa soltanyň ömrüniň baharynda dünýeden ötenini şeýle beýan edýär:
Biri ýetenok diýdim, eý Öwliýa bu döwre,
Melege Alla sabyr bersin, aýryldy Gaýasyndan.

Melek Ahmet Paşa hasratyndan ýüregi paralany barýan hem bolsa, Allanyň ýazan takdyryna boýun bolup, sabyr etdi. Aýagyny täretsiz ýere basmaýan bu hudaýhon adam ýassykdaşy bakyýa göçenden soň özüni hasam ybadata berdi. Günaşa oraza tutup, gijelerini tagatda geçirýärdi, gözýaşyndan namazlygy öl-suwdy. Sähelçe wagtyny-da isrip etmän, ahyreti üçin «azyk ýygnaýardy». Bu perişde pisint adamyň haýyr-sahawat edişi-de üýtgeşikdi.Töweregindäki kişileriň oňa gözi gidýärdi.
Üýgeşik “köp bermeşek” söwdasy
Melek Ahmet Paşa her ýyl remezan aýynyň başynda hazynasynyň gapysyny açyp, gymmat bahaly zatlaryny howlynyň içine ýaýradardy. Ol bu zatlary emeldarlara, hyzmatkärlerine üýtgeşik görnüşde paýlardy. Melek Ahmet Paşa jöwher gylyçlary, eýerleri, polat galkanlary, possunlary, ýaýlary, ýüpek matalary, sowutlary şeýle bir üýtgeşik edip satýardy welin, olary pul berip satyn alyp bolmaýardy. Eýsem şol zatlary diňe ýagşy amallaryň garşylygynda alyp bolýardy. Jarçy howluda üýşüp duran mähellä jar çekýär:
– Bir altyn tabak. Bahasy – bir çagany okatmak!
Altyn tabagy almak isleýän bahany galdyrýar: «İki çagany okatjak!». Yzdan ýene biri seslenýär: «Üç çaga!». Jarçy ýene sorar, bahany galdyrjak barmy diyip. Başga çykmasa, «Satdyyyym!» diýýär. Soňra ýene başlar:
– Jöwher gylyç. On müň salawat aýdana!
Her hili sesler gelip başlar: «Ýigrimi müň», «otuz müň», «kyrk mün salawat aýtjak», «Elli müň!» Jarçy ýene gygyrar:
– Samyr possun! Ýap çekip, guýy gazdyrana!
Şeýlelik bilen, gymmatbahaly harytlaryň hemmesi ýetime seretmek, dullara kömek etmek, ýap çekmek, Kurany hatym etmek, «Yasin» okamak we salawat aýtmak ýaly haýyr-sahawatly işlerde kim ýokary «baha» aýtsa, şoňa «satylýardy». Şondan soňra Melek Ahmet Paşa ýörite barlag toparyny düzdürip, adamlaryň sözünde duranyny-durmanyny barlaýardy.
Bütin ömrüni il-gününiň hyzmatynda geçiren bu nazarkerde adamyň eden haýyr-sahawaty diňe bular däl. Onuň gurduran mekdep-medreseleriniň, metjitleriniň, şypahanalarynyň, kerwensaraýlarynyň hetdi-hasaby ýok. İne, Melek Ahmet Paşa perişdeleriň hem gözügidijilik bilen garaýan kişisidi.
Birnäçe ýyl geçenden soň, Melek Ahmet Paşanyň düýşi hem hakykata öwrülýär. Bu perişde deýin adam Gaýa soltanyň aradan çykanyna üç ýyl dolansoň, 1662-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda altmyş ýaşyndaka İstambul şäberinde mergi keselinden amanadyny tabşyrýar. Aýasofiýa metjidinde giden mähelle bolup jynaza namazy okalandan soňra wesýetine laýyklykda, halypasy Dersiýam Kiçi Mehmet hezretleriniň aýak ujuna depin edilýär.
Eýýup töwereklerine ýolumyz düşse, Bahariýe Şah soltan metjidine hem degmegi unutmalyň! Şol ýerdäki mazarystanda ýatan bu perişde mysaly şahsyýetiň ruhuna «Fatyha» okap, ýatlap geçeliň!


Soňy

– Samyr possun! Ýap çekip, guýy gazdyrana!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s