
2.
Dowamy…
Melek Ahmet Paşanyň düýşi
Gaýa soltanyň düýş gören gününden köp wagt geçmänkä Melek Ahmet Paşa ukusyndan hopugyp oýandy. Derläp, gara suw bolan Ahmet Paşa düýş görüpdi. Ol soňra gören üýtgeşik düýşüni dostlaryna gürrüň berdi:
– Alla gowusyny edewersin! Bu gije birgeňsi düýş gördüm. Gelnim Gaýa soltan bilen jedel edýänmikäm diýýän. Gaýa soltan maňa: «Diňle Paşa! Mundan beýläk ne sen meň adamym bolarsyň, ne-de men seň aýalyň. Derrew talagymy ber!» diýýär. Menem öz eňegime tutup: «Beýtme soltanym! Gözümiň garasy! Aramyza ölüm giräýmese, seň bilen aýrylyşjak gümanym barmy?» diýdim. Onsoň Gaýa soltanam: «Atam soltan Ahmet han: «Çagaň bolandan soň meniň ýanyma gel» diýdi. Men atamyň ýanyna gitjek, talagymy ber!» diýip ýalbardy. Menem aglap: «Bäh, näme üçin gitjek bolýaň, gül ýaly ojagyňy taşlap?! Men senden aýrylyp bilmen» diýdim. Gaýa soltan: «Söýgüli ýarym, şu wagt isleseň-islemeseň aýrylyşmaly bolýarys. Soňra üç ýyl geçer welin, täzeden nikalaşaýarys. İndi ýanyma gelme, sen maňa nämährem bolduň» diýdi. Menem: «Soltanym, başymyň täji, meni beýdip gynandyrma ahyry!» diýdim welin, onýança Gaýa soltan otagdaky şkafa girip, zym-zyýat boldy. Şkafyň içinden onuň: «Ata jan! Adamym meni özünden aýyrmajak bolýar. Oňa diýseňizläň, meniň jobagymy bersin!»
Şol bada şkafyň gapysy açylyp, içinden soltan Ahmet han bilen soltan Mustafa çykdy. Soltan Ahmet han: «Eý, Melek! Näme üçin Gaýa soltanyň talagyny bermän kösäp dursuň?! Ýene üç ýyldan soň birigýäňiz ahyry» diýdi. Menem: «Ýok, soltanym, men aýrylyşyp bilmerin» diýdim. Şonda ol: «Hökman aýrylyşarsyň! Owaldan Allanyň emri şeýle. Buýruk pygamberiň şerigatyndan gelýär. Muny diwana alyp baryň» diýdi. Bir görsem şeýhleriň, alymlaryň, baş wezirleriň arasynda Aýasofiýa metjidinde durun. Diwanda durkam, nähili bolanyny bilemok, birdenkä agzymdan «talak» sözi çykdy. Diýenime puşman edip, gaty hapa boldum. «Enşalla, menem ýakyn wagtda Gaýa gelnim bilen jennetde seýil ederin» diýip seredenimde, birnäçe adam Gaýanyň başyny ak mata bilen daňyp durlar. Soňra dört adam onuň goltugyna girip äkitdiler.
Ondan soňra birhili namaz-a okadyk. Ömrümde şonuň ýaly üýtgeşik, garym-gatym namaz okamandym. Ymamymyz şeýhülyslam Sunizade hezretleri öňüme düşüp, meni köşgüme getirdi. Şol wagtam gorkup oýanypdyryn.
Düýşde görlen jennetiň bag-bakjasy
Melek Ahmet Paşanyň düýşüni diňläp oturan Ymam Mehmet hezretleri bilen Galynaizada Aly hezretleri bu düýşi hernäçe gowulyga ýorsalaram, onuň gelni Gaýa soltanyň gören düýşüniň hem ýorgudyny aňlarynda aýlap oturyşlaryna gözleriniň ýaşyny saklap bilmediler. Melek Ahmet Paşa bu düýşüni şeýle ýordy:
– Gaýa Soltanyň geçen aýky gören düýşi bu düýşüň ýorgudy bolmaly. Onuň düýşünde soltan Ahmet han Gaýa soltany jennetdäki seýilgähine çagyrýar. Soltan Mustafa bolsa oňa: «Eý, doganym! Ol ilki Melekden bir gyz dogursyn» diýýär. Gelnim şol düýşi gören wagty hem hamyla. Owal Alla bilýär, gyz bäbegi bolar. Allanyň özi aňsat dogum nesip edewersin! Meniň bilen aýrylyşmagy, soňra ak mata bürenmegi, dört adam onuň goltugyna girip, alyp gitmekleri kepenlenip, tabytda äkidiljekdigini görkezýär. Soltan Ahmet hanyň: «Elbetde, Allanyň emri bilen talagyny ber! Üç ýyldan soň senem gel» diýmegi meniňem üç ýyldan soň ahyrete göç etjegimi aňladýar. Aýasofiýada şeýhulyslam bilen üýtgeşik namaz okamagymyz bolsa meniň jynazamy şeýhulyslamyň okatjagynyň alamatydyr. Onuň elimden tutup, öýüme çenli äkitmegi hem owalynda Alla bilýär, meni tä mazaryma çenli göterjekdigini aňladýar. Iň dogrusyny Alla bilýär! Gaýa Soltan ýaş üstünden aradan çykarmyka diýýän!
Dowamy bar…