It

Danalaryň biri kölüň gyrasynda otyrka bir itiň suw içmäge gelýändigini görüp, ony synlamaga durupdyr. It temegini suwa golaý eltende allaniçigsi bolup yza çekilipdir-de, derrew şol ýerden arany açmak bilen bolupdyr.

It halys suwsan bolsa gerek. Ol ýene gaýdyp gelipdir. Suwuň ýüzünde ýene özüniň keşbini görüp zähresi ýarylypdyr. Onsoň, ol kenardan ýene daşlaşmak bilen bolupdyr. Şeýdip it janawer kän gelip-gidip durupdyr. Ahyrynda suwsuzlyga çydap bilmän hem özüni suwa oklapdyr. Suwuň ýüzünde öz keşbini görmänsoň, hezil edip suwdan ganypdyr.

Dana şol ýerde gören zatlaryny paýhas eleginden geçirip, şeýle netije çykarypdyr: «Adamyň arzuwlaryna ýetmäge köplenç onuň kalbynda ulaldyp çişirýän gorkulary päsgel berýär. Eger adam şolary ýeňip geçip bilse, hökman arzuwlaryna ýetýär». Soňra ol böwrüne diň salyp durupdyr-da, aslynda, bu wakadan bütinleý başga netije çykarmaly ekendigine düşünipdir. Şol netije bolsa, adam pähim-paýhasdan ýüki ýetik dana bolanynda-da, onuň itden hem öwrenere zadynyň barlygydyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s