MAÝYP ESGER

Wýetnam söweşinden soň ahyry öýüne dolanmakçy bolan bir esger hakda şeýleräk waka gürrüň berilýär:
Esger San-Fransiskodan öýüne jaň edýär:
– Eje, kaka, men ahyry öýe dolanýan. Ýöne sizden bir haýyşym bar. Ýanym bilen söweşdeş dostumam alyp barmakçy.
Ejesi-kakasy ikisi iki ýerden:
– Onuňam gürrüňi bolarmy? Getir, gaýta bizem tanşarys – diýýär.
Onda ogullary:
– Ýöne bir emmasy bar. Dostum söweşde agyr ýaralandy. Minany basyp, bir eli bilen aýagyndan jyda düşdi. Barara-da ýeri ýok, soň üçinem bizde bolaýsa diýýän.
– Waheý, o-la bolmandyr, oglum. Bolmasa, oňa ýaşar ýaly ýer tapmaga kömek ederis.
– Ýok, ol hökman bizde ýaşaýmaly.
Kakasy:
– Oglum, sen näme isleýäniňi bir bilýäňmi? Onuň ýaly maýyp adam bize agyr ýük bolar ahyry. Biziň öz aýlanyp duranja günümiz bar, beýle zatlaryň päsgel bermegine razy bolup bilmeris. Sen, gowusy, özüňjik öýe dolanaý. Olam öz başyny özi çarar – diýýär.
Ogly şobada patladyp telefony goýýar. Birnäçe günläp ondan habar-hatyr bolmaýar. Ahyry bir gün San-Fransisko polisiýasyndan jaň gelýär. Ene-ata ogullarynyň beýik binadan gaçyp, jaň berendigini eşidýär. Polisiýanyň aýtmagyna görä, ol öz janyna kast eden eken. Ajy habary alan ene-ata haýal etmän San-Fransisko uçýar. Ogullarynyň jesedini görkezmek üçin olary şäher morguna äkidýärler.
Olar görkezilen jesediniň hakykatdanam öz ogullarynyňkydygyny tassyklaýarlar. Şonda başga bir hakykata-da göz ýetirip allaniçigsi bolýarlar. Ogullarynyň diňe ýeke eli bilen aýagy bar eken.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s