Bir söwdagär Hindistan jelagaýlaryna gitmekçimiş. Ýola çykmazdan maşgala agzalarynyň, öý hyzmatkärleriniň ýanyna baryp, olaryň sargytlaryny belläp alýar. Ol öýüň totuguşuny hem ahmal etmeýär. Onuň hem sargydyny diňleýär:
– Eý, owadan guşum, saňa näme getireýin? – diýip soraýar. Totuguş bolsa oňa şeýle diýýär:
– O jelagaýlaryň totuguşlaryna dogaýy-salam ýetirgin. Men barada gürrüň bergin. Kapasda tussaglykdadygymy aýtgyn. «Siz erkana uçup ýörkäňiz, o bende aýralyk hasratyny çekip hapa bolup otyr» diýgin. «Hiç bolmasa, säher wagty o bendäni hem ýatlaweriň, goý onuň hem azda-kände ýüzi gülsün» diýip aýtgyn. Hojaýyn, bar islegim şü, başga hiç zat aýtmagyn.
Söwdagär kerwen gurap, ýola rowana bolýar. Az ýöräp, köp ýöräp Hindistan iline ýetýär. Ol ýolugurda baglarda hatar gurap oturan totuguşlara gabat gelýär. Şonda guşunyň sargydy ýadyna düşýär. Täjir guşlara seslenip:
– Eý, guşlar! Men pylan ýurtdan, pylan kişi bolar men. Sizden biri meniň öýümde ýaşaýar. Onuň dogaýy-salamyny getirdim. Sizi görsem «şeýle-şeýle diýip aýtgyn» diýip mäkäm tabşyrdy – diýýär. Täjir heniz sözüni gutaryp-gutarmanka, guşlaryň birisi çiň arkan gaýdýar-da ölýär ýatyberýär. Tüçjar bu habary berenine puşman edýär. Öz ýanyndan:
– Wah-eý, aýtmasam boljak ekenim! Bu meniň guşumyň ýakyn garyndaşy bolsa gerek – diýip oýlanýar. Täjir söwda-satyk işlerini bitirip, iline dolanyp gelýär. Maşgala agzalarynyň, tanyş-bilişleriniň sargan sargytlaryny getirip elinje tabşyryp çykýar. Tüçjar guşlar bilen bolan wakany gürrüň bermäge ýaýdanyp, esli wagt guşuň gözüne görünmän gezýär. Ahyry sabyr-takaty tükenen guş:
– Meň sargydyma näm boldy, meň sargdymy näm boldy. Meniň hem habarym ber, menem begendir ahyry – diýip gygyryberýär. Täjir gynana-gynana onuň ýanyna barýar we şeýle diýýär:
– Guşum, seniň gynanmagyňy islämok, gowusy getiren habarymy saňa aýtmaýyn.
Guş «aýt» diýip, ýeň bermeýär. Täjir bolan wakany aýtmaly bolýar:
– Diýen ýeriňe bardym. Taýpadaşlaryňy gördüm. Olara seniň aýdanlaryňy ýetirdim. Şonda olaryň birisi tarpa-taýyn gidiberdi, pahyr.
Söwdagär sözüni tamamlap-tamamlamanka, bu guşam bir hili-bir hili bolýar-da ýykylýar ýatyberýär. Tüçjar aljyrap bolubilenini bolýar:
– Beh, nähili boldaý, bi! Şum habar eltip, ol ýerde o neressäniň ölümine sebäp boldum, bärde-de munuň – diýip aglap-eňräp, pahyr bolan totuguşy kapasadan çykarýar. Ony penjiräniň kenarynda emaý bilen ýatyrany hem şoldy welin, ýaňky öli guş birden janlanýar-da, penjireden çykagedin, öýüň ýakynlaryndaky bir bagyň üstüne gonup, heşelle kakmaga başlaýar. Tüçjar özüni dürsäp, guşuna seslenýär:
– Bu näme etdigiň boldy?
Totuguş:
– Eziz, hojaýynym! Aslynda bilýämiň, men senden olara öz ýagdaýymy ýetirmek bilen taýpadaşlarymdan kapasadan sypmagyň ýoluny soramak isleýärdim. Olaram maňa «Kapasadan diňe ölüp çykyp bolar» diýen habary ýollapdyrlar – diýýär.
***
Nebsini öldüren kişi her dürli ýesirlikden, kapasalardan halas bolar.
Haýwany jähetlerini öldüren kişiniň ynsany jäheti oýanar. Möwlana hezretleri bu hekaýatyň üsti bilen kişiniň özündäki tükeniksiz hazynany görüp bilmegi üçin ölmänkäň ölmegiň ýoluny görkezýär.
