Dilçi bilen gämiçi

Dilçi alym gämä münýär. Şonda ol gämiçiden:
– Seniň dil biliminden habaryň barmy? – diýip soraýar. Gämiçi oňa:
– Habarym ýok – diýip jogap berýär. Dilçi alym:
– Ömrüň ýarysy biderek gitdi diýsene – diýip, gülümseýär. Dilçi alymyň bu bolşuna gämiçiniň gahary gelýär. Ýöne näme-de bolsa hiç zat diýmän goýýar. Az wagt geçip-geçmän tupan turýar. Emele gelýän ägirt gomlardan ýaňa gämi çaýkanyp bolubilenini bolýar. Alym gorkusyna gäminiň bir çetinde düýrülip ýatyberýär. Alymy synlap duran gämiçi şonda oňa:
– Yüzüp bilýäňmi? – diýip seslenýär. Gorkusyndan ýaňa titir-titir edýän alym:
– Ýok, ýüzüp bilemok – diýip, zordan jogap berýär. Şonda gämiçi ho-ol aňyrdan özlerine dogry gaýdan ägirt gomy görkezip:
– Nätdiň-aý, ömrüň bary biderek gitdi diýsene – diýip, oňa ýylgyryp garaýar.

***
Adam ogly, elbetde, dünýewi ylymlardan habarly bolmaly. Yöne şol ylymlary manyly edýän dini ylymlary hem öwrenmeli, şol ylymlaryň üsti bilen şu jelagaýlaryň eýesine dahylly hakykatlary, gözellikleri görmegi başarmaly. Ýogsam, onuň ömrüniň ýarysy hökmündäki bu dünýä durmuşy abat bolsa-da, ahyreti berbat bolar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s